Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz parlamenti KHS-i hasaba almak baradaky jedelli kanuny kabul etdi


Gyrgyzystanyň parlamenti
Gyrgyzystanyň parlamenti

Gyrgyzystanyň parlamenti köpçülikleýin habar serişdeleri baradaky täze kanuny kabul etdi. Indi ähli internet neşirleri hökmany tertipde döwlet tarapyndan hasaba alynar. Haýsy neşiriň işläp biljekdigini, haýsynyň bolsa ýapyljakdygyny döwlet edarasy kesgitlär. Hukukçylar bu düzgünleriň senzura we garaşsyz metbugata basyş üçin peýdalanyljakdygyny aýdýarlar. Ýurduň media jemgyýetçiligi prezident Sadyr Žaparowa ýüzlenip, täze kanuna gol çekmezlige çagyrdy.

Täze kanuna laýyklykda, ähli internet saýtlary indi metbugat serişdesi hasap edilýär. Internet neşirleri mazmunyna garamazdan hökmany hasaba alynmalydyr. Diňe şondan soň olar maglumat ýaýradyp bilerler.

Munuň bilen birlikde, Ministrler kabinetine metbugat serişdelerini hasaba almak, gaýtadan hasaba almak ýa-da olaryň işini ýatyrmak boýunça aýratyn ygtyýarlyklar berilýär. Başgaça aýdylanda, haýsy metbugatyň işlemegine rugsat beriljekdigini döwlet edarasynyň özi çözer. Resmiler haýsydyr bir neşiriň “dogry işlemeýändigini” aýtsa, onuň hasabyny ýatyrmak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulýar.

Bu kanun Gyrgyzystanda garaşsyz žurnalistikanyň ýagdaýynyň ýaramazlaşýan döwrüne gabat gelýär. Ýurtda soňky ýyllarda hökümeti tankytlan birnäçe neşir ýapyldy.

XS
SM
MD
LG