ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Waşington bilen Pekiniň söwda şertnamasyna gol çekendigini yglan etdi.
Tramp gazanylan ylalaşyk barada jikme-jik maglumat bermedi, emma ABŞ-nyň söwda sekretary Howard Lýutnikiň sözlerine görä, bu resminama maý aýynda Ženewada geçirilen gepleşiklerde gazanylan ylalaşyklary berkidýär.
“Olar bize seýrek ýer metallaryny ugradarlar. Bu amal bolandan soň, biz garşylykly çärelerimizi ýatyrarys” diýip, Lýutnik Bloomberg bilen gürrüňdeşliginde aýtdy.
Hytaýyň Söwda ministrligi hem öz gezeginde, Pekiniň gözegçilikdäki harytlary eksport etmek boýunça ýüz tutmalary tassyklamaga razy bolandygyny habar berdi. Munuň öwezine, Waşington käbir girizilen çäklendirmeleri bölekleýin ýatyrar.
Tramp tarapyndan aprel aýynda başlanan söwda urşy özara salgytlaryň rekord derejesine baryp ýetmegine sebäp boldy. Gümrük paçlary ABŞ tarapyndan 145%, Hytaý tarapyndan bolsa 125%-e çenli ýetdi. Iýun aýynyň ortalarynda Tramp Pekin bilen ylalaşyga gelnendigini eýýäm habar beripdi.