Gurak deri, gyzgyn nahar: Eýranyň ýadro desgalaryny bombalan 'B-2' kysymly uçaryň içindäki ýagdaý

A B-2 Stealth bomber during early morning operations at Whiteman Air Force Base, Mo, in Missouri City, near Kansas. The United States on August 26, 2013

Howada ýangyjyny doldurmaga ukyply "B-2" kysymly gizlin bombalaýjy uçarlaryň mümkinçilikleri diňe pilotlaryň fiziki çydamlylygy bilen çäklendirilýär.

22-nji iýunda Eýranyň ýadro desgalaryna zarba urmak boýunça 37 sagatlap dowam eden missiýada fiziki mümkinçilik iň ýokary derejede ulanyldy.

"B-2 kysymly uçarlaryň sürüjileri ýatyp, uklap bilýärler, emma olar oturgyçlaryň arka tarapynda demiriň üstünde ýatmaly bolýarlar, bu oňaýly däl" -diýip, Missuri ştatynda ýerleşýän Whiteman howa güýçleriniň metbugat sekretary Azatlyk Radiosyna aýtdy.

"Uçar öz kislorodyny özi döredýär, ýagny atmosferadan alýar, netijede uçarda çyglylyk ýok diýen ýaly, pilotlar öz suwuklylyk balansyny yzygiderli üpjün etmäge mejbur bolýarlar, emma şonda-da olar derisiniň guraklygy we jaýrylmagy ýaly ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar" diýip, howa güýçleriniň metbugat sekretary sözüniň üstüne goşdy.

"B-2" kysymly gizlin bombalaýjy uçar 1989-njy ýylyň awgust aýynda Mohave çölüniň üstündäki ikinji synag uçuşy wagtynda.

"B-2", sowuk uruş döwründe ABŞ tarapyndan Sowet Soýuzynyň müňlerçe radar stansiýasynyň öňünden geçip, müňlerçe uçarlaryndan we ýer-howa raketalaryndan gaça durmagy başarýan ýadro ukyply gizlin bombalaýjy hökmünde işlenip düzülipdi.

"B-2"-iň “uçýan ganaty” konstruksiýasy, şeýle hem daşyndaky gatynyň iň gizlin, radar siňdiriji ukyby we beýleki ösen tehnologiýalar, 52 metr giňlikdäki bombalaýjy uçara radar bilen yzarlanan ýagdaýynda diňe ulurak mör-möjege deň yz galdyrmaga mümkinçilik berýär. Uçar ilkinji gezek 1989-njy ýylyň iýul aýynda uçuryldy.

General-leýtenant Mark E. Weatherington ABŞ-nyň Howa güýçleriniň global zarba urmak serkerdesiniň başlygynyň orunbasary. Ol uzak aralykdaky missiýalarda, Eýrana edilen "Ýarygije çekiji" ýaly zarbalarda iň dartgynly pursatlaryň biriniň tanker uçarynyň arkasyna ýangyç guýmakdygyny Azatlyk Radiosyna aýtdy we "B-2" uçaryna her alty sagatdan bir gezek ýangyç guýmak gerekdigini belledi. "Howada ýangyç guýmak iňňän möhüm we eger garaňky, bulutly, bulaşyk we ş.m. ýagdaý bolsa, has köp ünsi talap edip biler" - diýip harby resmi aýdýar.

Pilotlar 30 minut çemesi wagty alýan ýangyç guýmagy dere batyp, iňňän uly ünsi talap edýän iş hökmünde häsiýetlendirdiler.

Uçaryň içindäki döwrüň dowamynda pilotlar üçin ýuwunmak ýa-da eşik çalyşmak üçin mümkinçilik ýok. "B-2" bombalaýjy uçaryň ekipažy uçuş wagtynda öz uçar geýimleriniň üstünden howpsuzlyk guşaklaryny, halas ediş keltekçelerini we beýleki halas ediş enjamlaryny geýýärler. Bu söweş missiýasynyň dowamynda geýimi çalyşmagy aşa kynlaşdyrýar.

Ujypsyz ekipaž

Bombanyň üstündäki adamlar üçin ýangyç guýmak düýbünden az.

B-2 mikrotolkun bilen enjamlaşdyrylan we uçarmanlar öz isleglerine görä iýmit alýarlar.

"B-2" uçrynyň sürüjileri islän azygyny ýany bilen alýarlar, uçarda nahary gyzdyrmak üçin mikrotolkunly peç bar.

"B-2" kysymly uçar tanker uçarynyň arkasynda ýangyç guýýar. Missuri ştaty, 2022-nji ýylyň oktýabr aýy.

"Biz pilotlar bilen näme iýmeli we haçan iýmelidigi barada işleýäris we teklip berýäris, ýöne her biri öz isleýän zadyny getirýär" - diýip, Weatherington aýtdy, emma şeýle uzak uçuşyň dowamynda ekipaž üçin suw balansyny saklamagyň iňňän wajypdygyny belledi.

"B-2" üç adam üçin niýetlenip, döredildi, ýöne ony diňe iki pilot dolandyrýar we olaryň biri missiýanyň serkerdesi wezipesini ýerine ýetirýär.

Ekipažyň kiçi düzümi çykdajylary azaltmak üçin edilýär. Ýokary hünärli hünärmenler ösen ýarag ulgamlarynyň iň gymmat taraplarynyň biridir. "B-2" döredileli bäri uly çykdajylary sebäpli tankyt edildi. Her "B-2" kysymly uçaryň bahasy 2 milliard dollar töweregi bolup, olaryň 21 sanysy guruldy.

Uky türgenleşigi

Şeýle kiçijik ekipaž bilen uçmagyň netijesi - pilotlaryň dynç almaga wagty az bolýar.

Weatherington, söweş missiýasy üçin saýlanan "B-2" pilotlarynyň ukusyny geljekdäki missiýasynyň iş tertibine laýyklaşdyrmak üçin “aerokosmos fiziology” bilen birnäçe gün işleýändigini aýdýar. Ýöne ol pilotlaryň "näçe we näderejede gowy ukusyny alyp bilmegi adamyň aýratynlygyna bagly" diýýär.

"B-2" pilotlary uçin uky türgenleşikleri Kosowadaky uruşdan soň girizilen bolmagy mümkin, şonda amerikan pilotlary söweş dartgynlylygynyň arasynda aşa duýgulanyp, soň uklap bilmändigini aýdypdy.

"B-2" uçarynyň pilotlary ozalky uçuşlarynda hüşgärligini saklamak üçin amfetamin dermanlaryny ulanypdy.

Bunkerlere urlan bombalardan galan deşikler, zarbalar "B-2" uçaryndan Eýranyň Kom şäheriniň golaýyndaky Fordow ýerasty ýadro toplumyna uruldy.

Birnäçe gezek howada ýangyç guýmakdan we Eýrana gizlin uçuşyň dowamynda ujypsyz dynç alyşdan soň pilotlar üçin iň dartgynly pursat zarbalary amala aşyrmakdyr diýip, Mark Weatherington aýdýar.

"Sebitdäki nyşanda missiýany ýerine ýetirmek bu ýagdaýda iň kyn bolmagy ähtimal".

"B-2 kysymly ýedi uçaryň öň pilotsyz amerikan uçarlaryny atan ýurda 14 sany ullakan bunker bombasyny atmagy bilen, nyşana alnan sebitde tas özbaşdak, ýöne sazlaşykly hereket edýärler. Bu bolsa missiýany çylşyrymly meselä öwürýär" diýip, Weatherington belledi.